Ermenistanyň Hökümet başlygy Nikol Paşinýan Telegram-ýaýlymdaky sahypasynda deprekde saz çalýan wideosyny ýerleşdirdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Syýasatçy wideonyň ýany bilen özüniň goşgusynyň Ermenistan barada aýdyma öwrülendigini belledi. Aýdymyň sözlerinde Respublikada durmuşyň müdimi dowam etjekdigi, ermenistanlylar üçin öz Watanynyň söýginiň çeşmesidigi hem-de umytlaryň daýanjydygy aýdylýar.

