Fransiýaly meşhur aktrisa Brijit Bardo 91 ýaşynda aradan çykdy diýip, aktrisanyň gaznasyna salgylanýan AFP agentligi habar berdi. Sentýabrda aktrisa Tulondaky hususy hassahana ýerleşdirildi, oňa hirurgiki operasiýa bejergisini geçirdiler.
Brijit Bardo «Taňry zenany ýaratdy», «Lagnat», «Hakykat», «Parižli zenan», «Babetta urşa gidýär» ýaly filmlerde surata düşdi. 1973-nji ýylda kinony hemişelik terk etdi. Aktýorlyk kärini tamamlandan soňra, Bardo haýwanlary goramak boýunça gazna esaslandyrdy. Ol awçylyga, öküz, horaz we it uruşlaryna, şeýle hem hakyky sütük ulanmaga garşy çykyş etdi.
Bardony XX asyryň iň owadan zenanlarynyň biri we tutuş eýýamyň nyşany hasaplaýardylar. Ol 1950–1960-njy ýyllarda fransuz kinosynyň iň meşhur ýyldyzlarynyň biridi.
Bu barada «MIR 24» ýazýar.

