«Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) 2025-nji ýylyň geçen hasabat döwri gowy netijeler bilen tamamlandy. Bu ýerde nebitçiler tarapyndan gazylyp alynýan «gara altyn» ýokary derejede gaýtadan işlenilýär. Hasabat döwründe ýokary hilli nebit we nebit önümlerini öndürmekde, olary içerki we daşarky bazarlara çykarmakda hem uly netijelere eýe bolundy.
Şu döwürde 4 million 506 müň tonnadan gowrak «gara altyn» gaýtadan işlenilip, bu babatdaky meýilnama 106,7 göterim berjaý edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Şeýle hem türkmenbaşyly nebiti gaýtadan işleýjiler tarapyndan ýylyň başyndan bäri benzin, kerosin, dizel ýangyjy, mazut, çalgy ýagy, nebit bitumy, polipropilen, suwuklandyrylan gaz we beýleki nebit önümlerini öndürmekde-de ýokary netijeler gazanyldy.

