«Köneürgençagyzsuw» müdirliginiň işgärleri etrap merkeziniň ýaşaýjylarynyň hem-de oba ilatynyň gyş möwsüminde arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatynda netijeli işleri alyp barýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Müdirligiň garamagyndaky gije-gündiziň dowamynda 2 müň 140 kub metr arassa agyz suwuny öndürmäge niýetlenen agyz suw desgasynda 2025-nji ýylyň on bir aýynda 755 müň kub metrden gowrak içimlik suw öndürildi.
Halkara ölçeglere laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen desganyň öndürijilik kuwwaty Köneürgenç şäheriniň, şeýle-de etrabyň Ak ýol geňeşliginiň Zaman, Eýmir, Paltagaçan obalarynyň, Bitaraplyk şäherçesiniň, Täze ýol geňeşliginiň hem-de Gazakýer obasynyň ilatyny içimlik suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ýerde işçi-hünärmenleriň 30-a golaýy gije-gündizleýin tertipde işleýärler. Müdirligiň işgärleri suw alynýan 15 sany dikguýynyň suwunyň üznüksizligini, düzüminiň arassalygyny saklamak boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Bu ýerde tapgyrlaýyn zyýansyzlandyrmak, suwy sarp ediş ulgamyna bermäge taýýarlamak boýunça tehnologik işler kompýuterler arkaly dolandyrylýar.

