Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew parlamente we halka ýüzlenmesinde 2026-njy ýyly «Mähelläni ösdürmek we jemgyýetiň gülläp ösüş ýyly» diýip atlandyrmak barada teklibi öňe sürdi.
«Milletine, diline we dinine garamazdan, biziň 38 million halkymyzy birleşdirýän bir taglym bar. Bu Watanyň, biziň halkymyzyň bähbidi. Bu beýik maksada ýetmek üçin mähellänyň orny we täsiri örän uludyr» diýip, Mirziýoýew nygtady. Prezidentiň sözlerine görä, eger mähelle parahatçylykda we agzybirlikde ýaşasa, jemgyýet hem jebis, parahat bolar.
Mähelle – bu ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň birinji halkasy, däbe öwrülen jemagat ýa-da Özbegistanyň şäherlerindäki kwartallardyr. Adamlar ol ýerlerde umumy düzgünleri we däpleri berjaý edip ýaşaýarlar.

