Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli köpsanly gutlag hatlary gelip gowuşýar.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hatlarda bütin dünýäde uly abraýa eýe bolan behişdi bedewler Türkmenistanyň milli buýsanjy hökmünde täze ýylyň şygyrynyň mazmunynda öz beýanyny tapýandygy, bedew atlaryň türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýändigi, gaýduwsyzlyk, wepadarlyk hem-de asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän ahalteke bedewleriň nusgawy keşbiniň durmuşyň ähli ulgamlaryny gurşap almak bilen, ýurda belent sepgitlere ýetmäge, uly üstünlikleri gazanmaga itergi berýändigi buýsanç bilen bellenilýär.
Türkmenistanyň Prezidentine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler. Ýurduň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gutladylar. Mundan başga-da, döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

