«Arkadag» toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar. «Arkadag» topary ýurduň «Ýokary ligasyndaky» çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni Türkmenistanyň Kubogy bilen ýetirdiler. Arkadag şäheriniň adybir topary final oýnunda «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Arkadag» toparynyň gollaryny Şamämmet Hydyrow geçirdi. «Ahal» toparyndan Ýakupmuhammet Gowşudow tapawutlandy. Bu barada TFF habar berdi.
2023-nji ýylyň başynda döredilen toparyň Kubok bäsleşiginde bassyr üçünji ýyl ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek. Ýeri gelende bellesek, geçen iki möwsümde hem Kubok bäsleşiginiň finalynda hut şu iki topar duşuşypdylar.
Geçirilen final duşuşygynyň yzysüresi baýrak Kubok bäsleşigine gatanşyjylar bilen bagly gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şeýle-de, ýurduň futbol çempionatyny birinji orunda tamamlan «Arkadag» toparynyň gazanan ýeňşi bilen bagly medallar gowşuryldy.

