Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Gutlagda beýik ösüşleri nazarlaýan Türkmenistanda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň belent derejelere göterilýändigi, türkmen halkynyň arassa ganly behişdi bedewleri ajaýyp döwrüň gözelligine gözellik goşýan maddy we ruhy gymmatlyk hasaplanylýandygy, bedew atlaryň milletiň buýsanjy bolup, Ýer ýüzüne ýaň salýandygy bellenilýär.
«Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda uly dabaralar bilen garşy alynýan 2026-njy ýylyň eziz Diýarymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn» diýlip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gutlag hatynda nygtalýar.

