2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebit-gaz korporasiýasy Türkmenistandaky «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyryp başlar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň energetika kuwwatyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýlip, «Nebit-gaz» elektron neşirinde habar berilýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahatynda habar berlişi ýaly, «Galkynyş» ýatagyny senagat taýdan özleşdirmek jemi ýedi tapgyrda meýilleşdirilýär. Birinji tapgyr üstünlikli ulanmaga berlip, onuň çäklerinde ýylda umumy kuwwaty 30 milliard kubometr bolan üç sany gaz arassalaýjy zawod guruldy we olar häzirki wagtda netijeli işleýär.
«Galkynyş» ýatagyny özleşdirmek taslamasynyň dördünji tapgyryny degişli halkara bäsleşikde ýeňiji bolan CNPC kompaniýasy amala aşyrar. Senagat taýdan özleşdirmegiň bu tapgyry geljek ýylyň başynda başlar we maslahatda bellenilip geçilişi ýaly, ol dolulygyyna Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriler.
Bu ägirt uly ýatagyň tapgyrlaýyn üstünlikli özleşdirilmegi Türkmenistana tebigy gazyň hem ýurduň içinde hem-de halkara bazarlaryna durnukly iberilmegini üpjün etmäge şert döredýär. Häzirki wagtda türkmen tebigy gazynyň iň iri satyn alyjysy Hytaý bolup durýar. Türkmenistan — Hytaý gaz geçiriji ulgamynyň üç ugry (A, B we C) boýunça ýylda takmynan 40 milliard kubometr «mawy ýangyç» ugradylýar.
Dördünji ugruň (D şahasynyň) ulanmaga berilmeginden soňra, akdyrylýan gazyň möçberini ýylda, takmynan, 65 milliard kubometre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa dünýäniň iň durnukly ösýän energetika bazarlarynyň birine gazyň iberilmegini has-da berkider.
Şol bir wagtyň özünde, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak Türkmenistanyň gaz syýasatynyň esasyny düzýär. «Galkynyş» ýatagy ýylda 30 milliard kubometr kuwwaty bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi üçin hem serişde binýady hökmünde kesgitlenildi.
Habarda bellenilişi ýaly, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek 7 tapgyrdan ybarat bolan tapgyrlaýyn ösüş strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda birinji tapgyryň çäklerinde tejribe-senagat ulanyş işleri alnyp barylýar.
Bellenilişi ýaly, guýularyň ortaça taslama önümliligi gije-gündizde 1,5 million kubometre deňdir, gatlagyň mümkinçilikleri bolsa uzak wagtlap gije-gündizde 2 million kubometre çenli önümçiligi saklamaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, 2022-nji ýylda ýokary önümçiligi gije-gündizde 3 million kubometre deň bolan 3 sany guýy ulanmaga berildi. «Gaffney Cline» synçylary bilen bilelikde taýýarlanan çaklamalara görä, her bir tapgyr boýunça yzygiderli gaz almagyň möhleti 30 ýyldan gowrak bolar.
Ýakyn meýilnamalarda ýatagy özleşdirmegiň ikinji, üçünji we dördünji tapgyrlary bar. Gaz almagyň depgini kem-kemden artar, tapgyrlaýyn ösüş strategiýasy bolsa işleýän guýularyň tejribesini göz öňünde tutup, maýa goýum akymyny amatly paýlamaga mümkinçilik berer.
Ähli tapgyrlar doly özleşdirilen ýagdaýynda, ýatagyň umumy ýyllyk gaz öndürijiligi takmynan 200 milliard kubometre ýetip biler.
Öň habar berlişi ýaly, «Galkynyş» ýatagy gaz gorlary boýunça dünýäde iň irileriň biridir. Britaniýanyň garaşsyz «Gaffney, Cline & Associates» kompaniýasy bu ýatagyň gorlaryny goňşy Garaköl we Ýaşlar ýataklary bilen bilelikde 27,4 trillion kubometr tebigy gaz möçberinde bahalandyrýar.

