ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tamamlanyp barýan ýylda fransuz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň iň köp ünsüni çeken şahs boldy, onuň ady tas 1 million habarda ýatlandy. Bu barada «Tagaday» seljeriş platformasynyň maglumatlaryna salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar.
Reýtingde ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron ikinji orny eýeledi, ol barada takmynan 671 materialda ýatlandy. Ilkinji bäşlige şeýle-de Fransiýanyň öňki Premýer-ministri Fransua Baýru, RF-niň Prezidenti Wladimir Putin we Fransiýanyň öňki IIM-niň başlygy Brýuno Retaýo girdiler.
2025-nji ýylda fransuz köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde iň kän ýatlanan sport türgeni ýurduň ýygyndy toparynyň kapitany Kilian Mbappe boldy, ol sanawda 13-nji orny eýeledi.

