Aşgabadyň Altyn Çaýhana restorany paýtagtyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna aýratyn mümkinçiligi — islendik derejedäki baýramçylyk dabarasyny islendik saýlanan ýerde geçirmekligi hödürleýär. Restoran diňe öz diwarlarynyň içindäki myhmansöýerligi bilen däl-de, eýsem isleg bildirilen ýerde hem ýokary derejeli hyzmatlaryny teklip etmek bilen tanalýandyr.
Restoranyň hünärmenleri dabarany doly guramaga, konsepsiýadan başlap soňky jemleýji taýýarlyklara çenli ähli aladany öz üstüne almaga taýýardyr. Olar milli däp-dessurlary (hudaýoly, sadaka) hem-de giň göwrümli toý dabaralaryny geçirmekde uly tejribä eýedirler. Hyzmatlaryň toplumyna baýramçylyk çadyrlaryny kärendesine almak, işini kämil derejede bilýän ofisiýantlaryň hyzmaty we elbetde, aşpezler tarapyndan milli tagamlaryň taýýarlanylmagy girýär. Has kiçi çäreler üçin taýýar naharlary aýratyn sargyt etmek mümkinçiligi hem bar.
Hyzmatyň esasy şygary: «Siziň baýramyňyz islendik ýerde — biziň aladamyzdyr».
Altyn Çaýhananyň gastronomik filosofiýasy giň saýlaw we kämil hil ýörelgesine esaslanýar. Myhmanlar naharlaryň menýusyny hakyky türkmen tagamlaryndan, inçe tagamly türk naharlaryndan ýa-da nusgawy Ýewropa aşpezlik tagamlaryndan düzüp bilerler.
Hyzmatyň bu görnüşi müşderilere hakykatdan-da özlerini rahat duýmaga we toý-baýramdan lezzet almaga mümkinçilik berýär, ähli amaly meseleleri sazlaşykly toparyň üstüne ýükleýär. Şeýlelikde, Altyn Çaýhana diňe myhmanlary naharlamak bilen çäklenmän, eýsem olar üçin aladadan azat, doly baýramçylyk gurşawyny döredýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Salgy: Gurbansoltan eje köçesi, 168 (demir ýol wokzalynyň ýanyndaky awtobus duralgasy);
Eltip bermek hyzmatynyň telefonlary:
94 11 61,
94 11 71,
72 37 46,
72 35 47.
Altyn Çaýhananyň menejeri: (+993 65) 65 53 10.
Sosial ulgamdaky sahypasy.

