Italiýanyň Abrusso sebitindäki Palýara-deý-Marsi obasynda 30 ýyldan soňra ilkinji çaga dünýä indi, gyzjagaza Lara diýip at dakdylar. Indi obanyň ilaty köpeldi— 20 adama ýetdi.
Çaga çokundyrylanda tutuş oba ýygnandy. Bu waka köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi. Köp adamlar bu obanyň bardygyny hut şu täzelik arkaly bildiler.
Laranyň dogulmagy diňe bir şatlyk bolman, ýurtda çaga dogluşynyň peselendigini-de ýatlatdy, mysal üçin, «Istat» statistiki agentliginiň maglumatlaryna laýyklykda, ýurtda dogluş 16 ýyl bäri azalyp gelýär.
Obanyň meri Juzeppina Perossi ol ýerde ilatyň diýseň azalýandygyny, garrylaryň ýurduny täzeläp, ýaşlaryň olaryň ornuny tutmaýandygyny nygtady.
Laranyň ene-atasyna bir gezeklik 1 müň ýewro sylag berildi. Olar şeýle hem aýda 370 ýewro kömek puluny alarlar. Emma ene-atasy eýýämden gyzjagazyň ulalanda, nirede bilim aljakdygy barada alada edýärler, sebäbi obadaky iň soňky mekdep mundan kän wagt öň ýapyldy diýip, «The Guardian» habar berýär.

