Kompýuter tehnologiýalarynyň iş ýadynyň bölek söwda bahasy okgunly gymmatlamagyny dowam edýär. Dekabryň ahyryndaky ýagdaýa görä, modullaryň bahasy täze rekord derejä ýetdi: aýratyn toplumlaryň nyrhy indi «MacBook Air» noutbuklarynyň bahasyna barabar diýip, «iXBT» saýtyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Mundan bir aý öň bu enjamlara bahalaryň ösüşi 300-400 göterime deň boldy, käbit aýratyn toplumlaryň nyrhy bolsa «PlayStation 5 Pro» oýun enjamy bilen deň. Mysal üçin, sygymy 64 GB bolan «Corsair Vengeance RGB DDR5-6000» toplumy sentýabrda 240, noýabrda 550 we häzir Ýewropanyň dükanlarynda 750 ýewro deň. Şunda sygymy 64 GB bolan iki modully DDR5 toplumlaryň bahasynyň kähalatda 800 ýewro çenli gymmatlandygy bellenýär.
128 GB sygymly iş ýadynyň bahasy 1300-1400 ýewro deň bolsa, 256 Gb-lik DDR5 toplumyň erkin söwdada ýokdugy aýdylýar.
DDR4 segmenti hem nyrh babatda ösüş görkezýär, 32 GB-lik sygymly bu ýadyň bahasy 200 ýewro, 64 GB ýat üçin bolsa 400 ýewro tölemeli.
Bu ýagdaý ýat çipleriň gymmatlamagy, EA-serwerleri öndürijiler tarapyndan islegiň ýokarlanmagy we öňdebaryjy öndürijileriň önümçilik kuwwatlyklarynyň çäkliligi bilen baglydyr.

