Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi. Şeýle hem mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan iki sany möhüm Kararnamanyň kabul edilendigi baradaky hoş habary ýetirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bilen şu ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan örän wajyp halkara resminamalaryň kabul edilendigini aýdyp, olaryň hatarynda ýakynda tassyklanylan «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag boýunça onýyllygy» atly Kararnamalary aýratyn belledi we döwlet Baştutanyny ýurduň bu daşary syýasy ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda köpsanly halkara çäreleriň geçirilip, möhüm ähmiýetli resminamalaryň kabul edilendigini, ýakynda bolsa ýurda ýene-de hoş habaryň gelip gowşandygyny belledi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag boýunça onýyllygy» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi diýip döwlet Baştutany aýtdy hem-de Türkmenistany goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

