Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlisde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Milli Parlamentiň ýolbaşçysy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geljek bedew ýylynyň aýratyn ähmiýete eýedigi, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden hem-de döwlet Baştutanynyň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrmak maksady bilen halk wekillerinden, ýurduň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda 2026-njy ýyly atlandyrmak barada Mejlisiň Kararyny okady.
Mejlisiň Kararyna laýyklykda, 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halk bilen birlikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi.

