Litwanyň ýaşaýjysy Marius Plitninkas her ýyl Roždestwoda öýke etmesin diýip, bazardan iň betgelşik arça satyn alýar diýip, «LRT» teleýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Indi on ýyla golaý wagt bäri erkek kişi çagalary bilen Roždestwo baýramynyň öňüsyrasy şol bir arça satylýan bazara barýar. Ol ýerde satyjylardan hemmeleriň satyn alman sowulyp geçýän iň betgelşijek arçany tapmaklaryny haýyş edýär. Her ýyl olara ýa-ha geň görnüşli, gyşyk başly ýa-da başly-barat şahaly arça duşýar.
Emma Marius şeýle arçalaryň täze ýyl şarjagazlary, öwüşginli çyrajyklar bilen bezelende, hakyky baýramçylyk ruhuny döredýändigini gürrüň berýär.

