Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet meýdançalarynda baýramçylyk çäreleriniň giň gerimli meýilnamasy, şol sanda teatr sahna oýunlary, sazly konsertler, degişmeli şowhunlar, sergiler we ýarmarkalar guralýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetindeň habar berildi.
27-nji, 28-nji we 29-njy dekabrda sagat 18:00-da Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda konsertler bolar. Aşgabadyň ýaşaýjylary we paýtagtyň myhmanlary eýran-şwed aýdymçysy Araşyň, russiýaly aýdymçy we sazanda Motuň (Matweý Melnikow) hem-de türkiýeli pop-aýdymçy Semicenkiň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler.
30-njy dekabrda sagat 18:00-da baýramçylyk hepdesi türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň konserti bilen jemlener.
28-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti bolar. Konsertde dünýä nusgawy sazlarynyň ajaýyp eserleri ýaňlanyp, olar diňleýjilerde Täze ýyl ruhuny döreder we saz gurallarynyň jadyly owazyndan ruhy lezzet almaga mümkinçilik berer.
29-njy dekabrda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Roždestwo hitleri» atly konsert geçiriler. Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallar orkestri meşhur Täze ýyl filmlerinden sazlary ýerine ýetirer.

