Ýaponiýanyň Tokio uniwersitetiniň hünärmeni, «Gulpediýa» bileleşiginiň esaslandyryjysy Tokunaga Ýuki Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Ýapon senetçiliginiň taryhy» atly okuw sapagyny geçirdi. Bu barada institutyň saýtynda habar berildi.
Tokunaga Ýuki — medeniýeti öwreniji bilermen bolup, ol senetçilik, medeni alyş-çalyş we maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ylmy-barlaglary, okuw sapaklary, höwesjeň başlangyçlary bilen tanalýar. Ol dünýäniň dürli yklymlarynda halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde medeniýetiň orny barada okuw sapaklaryny guraýar, medeni taslamalary taýýarlaýar. Hususan-da, onuň ýapon senetçiliginiň mysalynda ýitip barýan nusgalary dikeltmeklige bagyşlanan okuwlary ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin seslenmelere mynasyp bolýar.
Institutda geçirilen «Ýapon senetçiliginiň taryhy» atly okuw sapagynyň dowamynda bilermen talyplar bilen sowal-jogaplary alyşdy we türkmen talyplarynyň dünýä medeniýeti babatyndaky gyzyklanmalaryna ýokary baha berdi.
Şeýle hem myhman Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor-tans toparynyň çykyşlaryna, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny görkezýän halk oýunlaryna uly höwes bilen tomaşa etdi.
Tokunaga Ýuki medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň okuw-laboratoriýa otaglarynda tejribe, amaly sapaklarynyň alnyp barlyşy bilen tanyşdy. Myhmanda taryhy ýadygärlikleriň nusgalaryna bagyşlanan milli gymmatlyklaryň we sungat eserleriniň sergileri aýratyn gyzyklanmalary döretdi.

