Russiýanyň halk artisti, teatr we kino aktrisasy Wera Alentowa 84 ýaşynda tarpa-taýyn aradan çykdy diýip, Moskwanyň Puşkin adyndaky teatryň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.
Öň aktrisanyň 20-nji dekabrda aradan çykan aktýor Anatoliý Loboskiý bilen hoşlaşyk wagty huşundan gidip, «tiz kömek» arkaly hassahana äkidilendigi habar berlipdi.
Wera Alentowa kinoda we teatr sahnasynda ýüzlerçe keşpleri döretdi. Oňa adamsy Wladimir Menşow tarapyndan režissýorlyk edilen, 1979-njy ýylda ekranlara çykan «Moskwa gözýaşlara ynanmaýar» filmi meşhurlyk getirdi. Film 1981-nji ýylda iň oňat daşary ýurt dilindäki film hökmünde «Oskar» baýragyna mynasyp boldy.
Aktrisanyň ýanýoldaşy, aktýor we režissýor Wladimir Menşow 2021-nji ýylyň tomsunda koronawirus ýokanjyndan aradan çykdy.

