Aşgabatda «Ýewraziýa integrasiýasynyň geljegi – täze sanly dünýädäki ýaşlaryň orny» diýen at bilen «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Bu çäräni Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Ylym, bilim, we medeniýet bölümi gurady. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Duşuşyk Russiýanyň halk diplomatiýasynyň 100 ýyllygyna bagyşlandy. Maslahata diplomatlar, alymlar, jemgyýetçilik işgärleri we ýaş hünärmenler bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar Russiýanyň halk diplomatiýasynyň 100 ýyllyk baýramynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen bir wagtda bellenip geçilmeginiň möhüm ähmiýetine aýratyn üns berdiler.
Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýsewanyň belleýşi ýaly, bu şanly seneleriň ikisi hem parahatçylyga we agzybirlige bolan ymtylmalaryň nyşanydyr. Diplomat sanlylaşdyrmak döwründe ýaşlary durnukly geljegiň esasy kepili bolan çuňňur ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga çagyrdy.

