Santa-Klaus katolik Roždestwosynyň öňýanynda tutuş dünýä syýahatyna ugrady, ol söwgat paýlar diýip, Demirgazykamerikan yklymynyň howa-kosmos goragynyň birleşen komandowaniýesi habar berdi. Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.
Däbe görä, amerikan we kanada harbylary ýörite saýtda hemmeleriň Santa-Klausyň ugruny yzarlamagy üçin göni alnyp görkezilişi ýola goýdular. Ol häzir dokuz sugun goşulan jadyly typgyçly arabasynda Demirgazyk guşaklykdan ýola düşdi, sugunlaryň öňbaşçysy meşhur gyzylburun sugun Rudolfdyr.
Maglumatlara laýyklykda, Santa-Klaus Russiýanyň Uzak Gündogarynda boldy, indi Ýuwaş ummanyň günorta bölegine tarap ugur aldy. Ol häzire çenli 125 milliondan gowrak sowgat paýlady.

