Ankara şäheriniň golaýynda ýykylan liwiýaly harby serkerdeler bolan uçaryň gara gutusy tapyldy. Bu barada Türkiýäniň IIM-niň ýolbaşçysy Ali Ýerlikaýa salgylanýan «TRT Haber» habar berdi.
Habarda hemmetaraplaýyn derňew işleriniň geçirilýändigi we olaryň netijeleriniň golaý wagtda belli boljakdygy aýdylýar.
«Falcon 50» uçarynda Liwiýanyň Harby Güýçleriniň ştabynyň ýolbaşçysy Muhammed al-Haddad bardy.
23-nji dekabrda Türkiýäniň NTV teleýaýlymy Liwiýanyň baş ştabynyň ýolbaşçysynyň hususy «Falcon 50» uçarynyň Esenboga howa menzilinden uçandan 19 minutdan soňra aragatnaşyga çykmagyny bes edendigini habar berdi. Bu habary Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň başlygy Ali Ýerlikaýa tassyklady, ol şeýle hem uçardan Haýyma etrabynda gyssagly gonmak barada duýduryş gelip gowşandygyny habar berdi.

