Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, 2026-njy ýylda Awazada geçiriljek halkara çäreleri ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly meseleler bilen gyzyklandy hem-de olaryň guramaçylyk derejesine degişli taslamalar bilen tanyşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş saparynyň dowamynda degişli ýolbaşçylar türkmen halkynyň Milli Liderine 2026-njy ýylda Hazaryň kenarynda geçiriljek halkara forumyň binasynyň ýerleşýän ýeriniň meýilnamasy, onuň bölümleriniň, mejlisler zalynyň teklip edilýän bezeg işleriniň, şeýle hem binanyň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri barada giňişleýin maglumatlary berdiler hem-de bu ugurdaky taslamalary görkezdiler.
Bellenilişi ýaly, taýýarlyk we bezeg işleri ýörite meýilnama laýyklykda alnyp barylar. Şunda häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de täzeçil tehnologiýalar netijeli ulanylýar. Bu ýerde meýilleşdirilen işler ýurduň telekeçi gurluşykçylaryna ynanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadag bu ýerde meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň wajyp wezipe bolup durýandygyna üns çekdi. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri binanyň enjamlaşdyrylyşy bilen bir hatarda, onuň bezeginiň, goýuljak mebelleriň reňkleriniň sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini, meýilleşdirilen işleriň doly derejede ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini, taýýarlyk işleriniň ählisiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli gözgeçiliginde saklanýandygyny belledi.
Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri öňde boljak halkara forumyň çäklerinde toplumyň halkara derejedäki sergileriň geçiriljek künjeginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

