Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň «Nicklaus Сompanies» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde oňyn tejribe toplandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherinde gurlan we halkara standartlaryna laýyk gelýän paýtagtyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň arasynda meşhur bolan döwrebap golf klubynyň taslamasy bu hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi. Bu taslama Türkmenistanda golf sportyny ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Gahryman Arkadag sport infrastrukturasyny ösdürmekde «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, kompaniýanyň golf meýdançalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça alyp barýan işleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz beýanyny tapjakdygyna hem-de ony ösdürmekde möhüm orna eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Işewür Türkmenistanda sport ulgamyny, hususan-da, golf sportyny ösdürmäge uly üns berilýändigini belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hemişe ygrarlydygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Ýeri gelende ýatlatsak, şu ýylyň noýabr aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, kompaniýanyň täze taslamalaryna we tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

