Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinden gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ýurda dünýä giňişliginde uly abraý getirdi hem-de Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi.
«Biz Türkmenistan bilen çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen bu gatnaşyklary dostlukly halklarymyzyň bähbidine pugtalandyrjakdygymyza berk ynanýaryn» diýip, Wladimir Putin gutlag hatynda nygtaýar.
Ozal Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 12-nji dekabrda Aşgabatda saparda bolup, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirendigini, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen halkara foruma we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşandygyny habar beripdik.
