Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda saparda bolýan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «TASS» ýazýar.
Wladimir Putiniň aýtmagyna görä, Aşgabadyň alyp barýan Bitaraplyk syýasaty halkara giňişlikde, şol sanda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär.
«Ähli ugurlar boýunça gatnaşyklarymyzy ösdürmekde birnäçe işler edildi. Men has-da uly mümkinçilikleriň bardygyna ynanýaryn» diýip, Prezident Wladimir Putin aýtdy.
Russiýanyň döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň barha köptaraplaýyn häsiýete eýe bolýandygyny nygtap, taraplaryň ähli halkara platformalarda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

Russiýanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy 21-22-nji dekabr günleri Sankt-Peterburgda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna (resmi däl sammitine) gatnaşmaga çagyrdy.
Şeýle hem Aşgabada saparynyň çäginde Wladimir Putiniň Yragyň, Türkiýäniň, Eýranyň Prezidentleri, şeýle-de Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Russiýanyň Prezidentiniň Aşgabatda geçirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda çykyş edendigini habar beripdik.
Şeýle-de okaň:
