Hindistanyň Bihar ştatyndaky ýaş çatynjalaryň nika toýy myhmanlaryň urşy sebäpli bozuldy. Gapma-garşylyga rasgullanyň – içi süýji siroply tworogdan edilýän şarjagazlaryň ýetmezligi sebäp boldy. Waka 29-njy noýabrda bolupdyr, emma sosial torlarda wideosy ýaýrandan soňra ol barada hemmeler bilipdirler diýip, «MIR 24» ýazýar.
Wideoýazgyda myhmanlaryň süýjülikler ýerleşdirilen stola barýandyklary görünýär. Emma ol ýerde ady tutulan desert hemmelere ýetmän, çekeleşik başlanýar. Käbirleri ellerine gyzyl plastik oturgyçlary alyp, biri-birini ýençýärler.
Emma gyzyň dogan-garyndaşlary wakanyň sebäbini özleriçe düşündirýärler. Gyzyň kakasynyň gürrüňine görä, jedele öýlenýän ýigidiň maşgalasynyň goşmaça galyň talap etmegi sebäp bolupdyr. Gelinligiň maşgalasy muňa garşy çykypdyr, şondan soň ýigidiň dogan-garyndaşlary olary ýençmäge başlapdyrlar. Iki tarapdanam birnäçe adam şikes alypdyr.
Ýigit tarap bu aýyplamany inkär edip, toýy dowam etdirmekçidigini aýdypdyr, emma gelinligiň tarapy toýy ýatyrmak üçin aýak diräp, polisiýa arz edipdir. Polisiýada derňewe başlandyklaryny, gapma-garşylygyň ähli gatnaşyjylaryny sorag edýändiklerini aýtdylar diýip, NDTV teleýaýlymy habar berdi.
