«Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň maddy-tehniki enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy edara-kärhanalarda gaz ýataklaryny özleşdirmek işlerini dünýä tehnologiýasynyň tejribesine laýyk guramaga ýardam berýär.
2023-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýasyndan şertnama esasynda 180 tonna ýük göterijiligi bolan döwrebap tehnologiýaly göteriji buraw enjamlarynyň biri konserniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň Gaz guýularyny düýpli bejeriş sehine bölünip berildi. Bu enjam bäş müň metre çenli çuňlugy bolan gaz guýularynda düýpli bejeriş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär diýlip, «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Bu buraw enjamy müdirligiň gaz bermesini azaldan ýa-da bes eden ulanyş guýularynda nasos kompressor turbalaryny barlamak, abatlamak, gaz guýusyny emeli çuňluga çenli arassalamak, sütünara gaz syzmasyny bejermek, suwlanan gaz guýularynda suwy çäklendirmek işleriniň depginini çaltlandyrmaga ýardam berýär.
2025-nji ýylda gaz guýularyny düýpli abatlaýyş sehi boýunça müdirligiň ulanyş guýularynyň otuz sanysynda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek meýilleşdirilen bolsa, abatlaýjylar geçen on bir aýda ýigrimi dokuz sany guýuda işleri ýokary hilli geçirdiler. Meýdançadaky önüm bermesini bes eden 304-nji ulanyş guýusy hem şolaryň biri. Abatlaýjylar täze göteriji buraw enjamynyň kömegi bilen guýuda arassalaýyş hem düýpli abatlaýyş işlerini geçirdiler. Munuň özi gaz guýusynyň tehniki mümkinçiliginiň gowulanmagyna şert döretdi. 263-nji ulanyş guýusynda hem düýpli abatlaýyş işleri geçirilenden soň guýy ýene-de öňki derejesindäki «mawy ýangyjy» berip başlady.
Häzirki günlerde sehiň işgärleri 664-nji ulanyş gaz guýusynda düýpli bejeriş işlerini alyp barýarlar.
