«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetindäki zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat öz işine başlady diýip, «Turkmenportal» habar berýär.
Foruma döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara düzümleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Maslahatyň çäklerinde «Syýasatda, ykdysadyýetde we jemgyýetçilik-ynsanperwer ugurlarda zenanlaryň ornuny güýçlendirmekde köptaraplaýyn dialogy we hyzmatdaşlygy giňeltmek» atly plenar mejlisi geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar ýöriteleşdirilen sergi bilen tanşarlar we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirerler.
Maslahatyň meýilnamasyna üç tematik sessiýa girýär. Olaryň her biri döwlet dolandyryşynyň zenanlar we çagalar baradaky alada gönükdirilmegine, zenanlar üçin ykdysady mümkinçilikleriň artdyrylmagyna, şeýle-de bilim, çaga terbiýesi, saglygy goraýyş we ekologiýa ugurlarynda zenanlaryň jemgyýetçilik işjeňligine bagyşlanýar.
Maslahatyň jemleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
