Tamamlanyp barýan 2025-nji ýyl howa synlamalarynyň tutuş taryhynda ikinji ýa-da üçünji yssy ýyl bolup we 2023-nji ýylyň howa derejesi bilen bäsleşip biler. Bu barada Ýewropanyň «Copernicus» aralykdan zondlamak we kartalaşdyrmak gullugynyň nutugyna salgylanýan TASS ýazýar.
Hasabatda geçen aýyň 2023 we 2024-nji ýyllardakyn soňra üçünji yssy aý bolandygy aýdylýar. Noýabrda Ýeriň üstüniň ortaça temperaturasy 14,02 gradusa deň boldy, bu 1991- 2020-nji ýyllar aralygyndaky döwrüň ortaça görkezijisinden 0,65 gradus ýokarydyr.
Hünärmenleriň sözlerine görä, adamyň işi netijesinde dörän klimatyň üýtgemegi adatdan daşary howa hadysalarynyň ýygjamlaşmagyna getirýär. Mysal üçin, noýabryň ahyrynda Günorta-Gündogar Aziýada güýçli tropik harasatlar bolup, giň möçberli sil joşgunlaryna hem-de köp sanly adam pidalaryna getirdi.
