Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaralar tamamlanandan soňra Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşygy boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onuň dowamynda iki ýurduň ugurdaş guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama kabul edildi. Munuň özi Hazaryň kenarynda geçirilýän halkara çäreleriniň häzirki zaman jemgyýeti üçin ähmiýetli wakalara baý bolýandygyny äşgär etdi.
