Şweýsariýanyň ýaşaýjylarynyň 50 göterime golaýy ýurduň iri syýasy güýji bolan Şweýsar halk partiýasynyň ýurduň ilat sanyny 10 milliona çenli çäklendirmek baradaky teklibiniň goldaýar. Muňa «20 Minuten» gazetiniň we «Tamedia LeeWas» mediaholdinginiň sargydy boýunça ylmy-barlag institutynyň geçiren pikir soraşmasynyň jemleri güwä geçýär.
Ilat sanynyň çalt artmagy konfederasiýada köp ýyllar bäri çekişme döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ady agzalan partiýa 2050-nji ýyla çenli ilat sany üçin iň aňrybaş bosaga kesgitlemegi we 10 million adama çenli çäklendirmegi Konstitusiýada berkitmegi öňe sürdüler. Bu boýunça sala salşyk 2026-njy ýylyň iýunynda geçiriler. Eger başlangyç makullansa, ýurduň hökümeti migrasiýa kanunçylygyny düýpli berkitmeli bolar diýip, TASS ýazýar.
11 müňe golaý adamyň arasynda geçirilen pikir soraşma gatnaşanlaryň 48 göterimi bu başlangyjy goldap çykyş etdiler. 41 göterim garşy çykdy, 11 göterim saklandy.
2024-nji ýylda Şweýsariýanyň ilatynyň 9 milliondan agandygy belli boldy.
