Parižiň baýry Luwr muzeýiniň gadymy müsür mirasy bölümindäki 300-den gowrak kitaba lagym ulgamyndaky suw akdyryjy turbalaryň biriniň hatardan çykmagy sebäpli zeper ýetdi. Bu barada BFMTV teleýaýlymyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Teleýaýlymyň maglumatlaryna görä, suwa ezilen kitaplaryň iň gadymylary XIX asyryň başlaryna degişli. «Harap bolanlar möhüm resminamalar, dowamly neşirler, maglumatnamalar, arheologik žurnallar, emma iň gynandyrýan ýeri, olaryň arasynda dikeldip bolmajak seýrek kitaplar hem bar» diýip, muzeýiň ýolbaşçysynyň orunbasary Fransis Steýnbok habar berdi. Onuň sözlerine görä, häzir her bir neşiri arassalamak işleri dowam edýär.
