Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy döwletler zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş goraglylygy boýunça Iş toparyny dörederler. Bu mesele Baku şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş goraglylygy ministrleriniň ilkinji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Türkmenistana zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Halbibi Täçjanowa wekilçilik etdi. Bu barada «AzerTAJ» saýty habar berdi.
Iş toparynyň maksady zähmet kanunçylygy, zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak, iş ýerlerinde saglyk we howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi we gender deňligi babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Şeýle-de mejlisiň çäklerinde ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş taýdan goraglylygy bilen bagly türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu ugurlardaky tagallalary işjeň utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.
Mejlisiň jemleri boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş goraglylygy ministrleriniň ilkinji mejlisiniň Jemleýji Beýannamasyna gol çekildi.
