2025-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ýük daşamalaryň möçberi 30 göterim ýokarlandy. Bu barada «nCa» portaly habar berdi.
Hasabat döwründe iki ýurduň arasyndaky ýük daşamalaryň umumy möçberi 1,3 million tonna deň boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 30 göterim ýokarydyr. Şol bir wagtyň özünde ýük daşamalaryň 43 göterimi awtomobil ulaglarynyň paýyna düşýär. Türkmenistanyň çägi awtomobil ulaglaryndaky ýük daşamalary babatda Özbegistanyň harytlarynyň Hazar deňzine, Ýakyn Gündogara we Eýrana çykmagyna mümkinçilik döredýär.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň gümrük nokatlaryndan awtoulaglaryň geçiş wagtynyň ortaça 37 minut bolup, bu görkezijiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gysga wagt hasaplanylýandygyny habar beripdik. Munuň özi Türkmenistanyň çägi arkaly ýük daşamalarynyň artmagy üçin amatly şertleri döredýär.
