8-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli türkmen senenamasy boýunça uly çille döwri dowam edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda şeýle bellenilýär:
«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz...» diýýän türkmen uly çilläniň dowam edýän döwründe örän seresap, hüşgär bolmagy ündeýär. Sebäbi çarwany malsyz, daýhany ekinsiz goýup bilýän uly çille kyrk günläp dowam edýär. Onuň -10... -15 derejä ýetýän aýazly gijelerinde tejribeli çopanlar mallaryny gyşda 25 — 30 santimetr galyňlykdaky mal dersiniň üstünde ýatyrýarlar. Ertirlerine ätiýaçlykdaky gurak otlardan berip, Gün gyzdyryp, meýdan otlarynyň doňy çözülenden soňra mallary örä çykarýarlar.
Uly çillede garyň ýagmagyny ata-babalarymyz gowulyga ýorupdyrlar. «Çille gary — ýeriň gany» diýmek bilen, gar suwunyň, ýagyş-ýagmyryň bu döwürde toprak üçin peýdalydygyny ýatladypdyrlar. Eger-de islenilişi ýaly, uly çille garly, ýagyşly gelse, onda ýazda, tomusda ekinlerden bol hasyla garaşyber.
Gyşda ýeriň Güne tomusky ýagdaýyndan 5 million kilometr golaýlaşýandygyna garamazdan, Gün şöhlesiniň gytaklaýyn düşýändigi hem-de gyş gününiň gysgalygy üçin ýeriň üstüni gyzdyryp ýetişmeýär.
Uly çilläniň maýyl hem-de ýagynsyz gelýän ýyllary-da bolýar. Şeýle ýagdaýda ata-babalarymyz «Gyş soňuna syrykdy» diýipdirler».
