Ýerde hepdäniň sişenbe we çarşenbe günleri güýçli magnit tupanlarynyň bolmak ähtimallygy bar diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasyna we Gün-Ýer fizikasy institutyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Magnit tupanlarynyň G2-G3 (ortadan güýçlä çenli) derejelerde boljakdygy hem-de penşenbe gününe çenli dowam etjekdigi çaklanýar.
G3 derejeli magnit hadysalary energiýa ulgamlaryna we kosmos enjamlaryna täsir edip biler. Şeýle hem ýerüsti ulgamlarda, ýagny hemra we radio aragatnaşygynda meseleler döräp biler.
