Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif 12-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşar. Bu barada Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Legariniň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen interwýusynda bellenilýär.
«Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklar onlarça ýyl bäri ýokary derejeli saparlar bilen häsiýetlendirilýär. Şonuň üçin Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň 12-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara we Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmagy ýöne ýere däldir. Munuň özi Pakistanyň Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna bolan ýokary hormatynyň alamaty bolar» diýip, ilçi nygtaýar.
Farýal Legariniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň geostrategik ýerleşişi Günbatar we Günorta Aziýa döwletleri üçin Merkezi Aziýa çykalga, şeýle hem strategik taýdan möhüm aragatnaşyk we energiýa geçelgesi hökmünde oňa özboluşly syýasy we diplomatik artykmaçlyk berýär. Bu artykmaçlyk bitaraplyk syýasaty bilen utgaşdyrylyp, Türkmenistana parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, şeýle hem transmilli energiýa, söwda we aragatnaşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin özboluşly mümkinçilikleri döredýär.
