VI Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň baýdagy Kilimanjaro dag gerşine - Afrikanyň 5895 metr beýikligine çykaryldy. Bu simwoliki işi Gyrgyz Respublikasynyň Alpinizm we daga münüjileriň assosiasiýasynyň prezidenti, Ewereste ilkinji çykan gyrgyzystanly Eduard Kubatow ýerine ýetirdi diýip, «Kabar.kg» agentligi habar berdi.
Kubatowyň sözlerine görä, ÇBO-nuň baýdagynyň Kilimanjaronyň gerşinde dikilmegi 2026-njy ýylda ýene Gyrgyzystanda geçjek uly möçberli wakanyň nyşany boldy.
«2026-njy ýylda biz ýene bu beýik forumy kabul edýäris. Oňa dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň gatnaşmagyna garaşylýar, bu biziň ýurdumyz üçin geljek ýylyň esasy wakasy bolar. ÇBO-nyň baýdagynyň Kilimanjaro çykarylmagy— bu diňe başlangyç. Öňde kän gyzykly zatlar garaşýar!» diýip, Kubatow nygtady.
