Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, birnäçe teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Degişli teklipler boýunça Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legariniň arasynda geçirilen duşuşykda pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklaryň berkidilmegi, hyzmatdaşlyk hakynda hereket edýän ylalaşyklaryň esasynda netijeli iş alyp barmak we olaryň sanynyň artdyrylmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň bilim ministri ilçini ýurtda bilimiň hilini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda yzygiderli ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler hem-de milli we halkara derejesinde ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrdy. Hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan geçirilýän halkara derejesindäki maslahatlara, halkara derejeli bäsleşiklere, olimpiadalara pakistanly ýaşlaryň işjeň gatnaşýandygy barada durlup geçildi.
Pakistan Yslam Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere ýokary baha berip, iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge isleg bildirdi. Hususanda, ilçi türkmenistanly ýaşlaryň Pakistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp hakly ýerler esasynda bilim almaklary, talyp alyş-çalyş okuw maksatnamalary, iki ýurduň bilim wekiliýetiniň özara tanyşdyryş saparlarynyň guralmagy babatda mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem işjeň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini, täze taslamalaryň we bilim ugurly başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar.
