Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Premýer-ministr Narendra Modiniň çakylygy boýunça Hindistana iki günlük döwlet sapary bilen bardy.
Sapar wagty Putin Hindistanyň Prezidenti Droupadi Murmu bilen duşuşar diýip, «rg.ru» ýazýar.
«Gepleşikleriň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul ediler, ikitaraplaýyn döwlet we işewürlik resminamalarynyň birgidenine gol çekiler» diýip, Kremliň metbugat gullugy habar berdi.
