Serhoş ýenot Amerikanyň Wirjiniýa ştatyndaky çakyr satylýan dükana girip, içindäki emläkleri haraplady, soň huşundan gidip, sanuzlda uklap galdy. Bu barada ýerli ýolbaşçylara salgylanýan «rg.ru» gürrüň berýär.
Haýwanjyk dükanda bitertiplik etdi, alkogolly çüýşeleri döwüşdirdi, tekjeleri gaçyrdy, gutulary pytratdy diýip, Hanower okrugynyň haýwanlary goramak gullugy habar berdi.
«Bu täsin kiçijik haýwan üçekden girip, hakyky derbi-dagynlyk etdi, şerap içip, lül-gammar boldy» diýip, gullugyň işgäri Samanta Martin «Associated Press» habarlar gullugyna gürrüň berdi.
Çakyr dükanynda düşürilen fotosuratlarda serhoş haýwanjygyň skotç we dürli sortly wiski içendigini anyklamak bolýar. Resmi adamlar ýenoty sorag edilmezden öň serhoşlykdan açmak üçin haýwanlaryň saklawhanasyna eltendiklerini, soňra bolsa, ýabany tebigata goýberendiklerini gülüp gürrüň berdiler.
