Türkmenabat pagta egriji fabriginde 2025-nji ýylyň başyndan bäri 3 müň 912 tonna nah ýüplük öndürildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 152 million 788 müň manatlyk önüm taýýarlanylyp, bellenilen meýilnama 112,6 göterim berjaý edildi. Degişli döwürde nah ýüplügiň 3 müň 694 tonnasy ýurduň içerki bazaryna hem-de daşary ýurtly sarp edijilere ugradyldy.
Fabrikde Germaniýanyň «Trützschler» kompaniýasynyň önümi bolan 20 sany darak enjamy, Italiýanyň «Marzoli» kompaniýasynyň 24 sany egriji enjamy, «Sawiýa» kompaniýasynda öndürilen 11 sany saraýjy enjam gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işledilýär.
