Angliýanyň Şropşirinden bolan ýaş ýigit Rumyniýadanyň Buçegi daglaryna syýahat edýärkä, syrly ýagdaýda ýitirim boldy.
Jorj Smit rowaýaty Drakula barada legendanyň dörän ýeri hasaplanýan Bran galasyna ýola düşdi. Mundan bir hepde öň ýiten ýigidi Transilwaniýanyň günorta-gündogaryndaky Braşowäniň dag-halas ediş gullugy her gün ony gözleýär, emma heniz netijesiz diýip, HLN neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Bristol uniwersitetiniň talyby bolan ýaş ýigidi ol ýerde 23-nji noýabrda soňky gezek görüpdiler. Ol soňra daglaryň beýik gaýalarynda ýerleşýän Brana ýola düşüpdir.
Smit Siganeşt şäheriniň dessin gullugynyň 112 belgisine kömek sorap jaň edipdir. Halas edijiler ol ýere baranlarynda, ýigit eýýäm ýok ekeni. Ony howanyň bulaşyklygyna garamazdan, dikuçarly, dronly we yz çalýan itli yzçylar topary bilen bilelikde, uzak gije gözläpdirler. Duşenbede britaniýalynyň ýiten ýerinden fotokameraly goşhalta tapylypdyr, emma onuň Smite degişlidigini ýa-da däldigini anyklamak başartmandyr.
