Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki Patris Lumumba adyndaky halklaryň dostlugy uniwersitetiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasy (RUDN MATH OLYMP 2025) geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyplary bäsleşikde üstünlikli çykyş etdiler. Has takygy, olimpiadanyň netijesi boýunça şahsy hasapda geçirilen bäsleşikde Kerimguly Bendow birinji orny eýeläp, altyn medala, Yslam Haýytmuhammedow üçünji orny eýeläp bürünç medala mynasyp boldular. Bu üstünlikler talyplaryň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna özboluşly sowgady boldy.
Bu abraýly bäsleşige Awstriýa, Polşa, Sloweniýa, Italiýa, Fransiýa Respublikalarynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Ispaniýanyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşandyklaryny bellemek gerek.
