Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda resminama gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 56-njy, 60-njy, 81-nji we 102-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 3-nji dekabryndaky Permany bilen:
Döwran Gurbanow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň maşgala işleri boýunça kazysy wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Serdar Altyýewiç Seýtiýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Rahymberdi Nurberdiýewiç Hydyrberdiýew Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Göwher Çaryýewna Sapargulyýewa Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Meýlis Begmuradow Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Merdan Ilmämmedowiç Amanow Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Aýjan Şamyradowna Mätiýewa Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Babajan Myratgeldiýewiç Medaliýew Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Ýakup Berdimuhammedowiç Akmämmedow Lebap welaýatynyň Farap etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Yhlas Jumaýewiç Bäşimow Lebap welaýatynyň Garabekewül etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Bahtiýar Yhtyýarowiç Alymow Lebap welaýatynyň Döwletli etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Gülälek Annamyradowna Atahanowa Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň maşgala işleri boýunça kazysy wezipesine bellenilip, ol Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Eziz Aşirow Mary welaýatynyň Oguzhan etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Bazargeldi Ýazmyradow ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy;
Ýagşymyrat Toýlyýewiç Ýazmuhammedow ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.
