«Malaysia Airlines» awiakompaniýasynyň 2024-nji ýylyň martynda Kuala-Lumpurdan Pekine uçanda ýiten uçarynyň çuň suwasty gözlegleri 30-njy dekabrda dikeldiler. Bu barada Malaýziýanyň Ulag ministrligine salgylanýan «New Straits Times» neşiri habar berdi.
Edaranyň maglumatlaryna laýyklykda, «Ocean Infinity» amerikan kompaniýasy 55 günüň dowamynda arakesmeler bilen suwasty işleri alyp barar. «Gözlegler hasaplamalara görä howa gämisini tapmak mümkin bolan etrapda geçiriler» diýlip, ministrliginiň habarynda bellenýär.
«Malaysia Airlines» awiakompaniýasynyň «Boeing 777-200» uçary 2014-nji ýylyň 8-nji martynda Kuala-Lumpurdan Pekine uçanda, iki sagada golaý wagtdan soňra radarlardan ýitdi. Onda 227 ýolagçy hem-de ekipažyň 12 agzasy bardy. 2015-nji ýylyň ýanwarynda Malaýziýanyň Hökümeti uçaryň heläkçilige uçrandygyny, ondaky ähli adamlar bolsa heläk bolandygyny yglan etdi. Uçaryň yzlary henize çenli tapylanok.
