Daşoguz şäherindäki «Polimer önümleri» zawodda şu ýylyň on bir aýynda zawod boýunça dürli ululykdaky turbalaryň 360 tonnadan gowragy öndürildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan zawodda halk hojalygynda ulanylýan maýyşgak gurşawlaryň, azyk önümlerini salmaga niýetlenilen bir gezeklik gapjagazlaryň, bulgurlaryň we beýleki polimer önümleriniň hem 9 tonna golaýy öndürildi.
Bu senagat kärhanasynda öndürilen polietilen hem polipropilen turbalar baglaşylan şertnama esasynda sarp edijilere tapgyrlaýyn ugradylýar.
Ýyllyk kuwwaty 920 tonna önüm öndürmäge barabar bolan kärhanada işçi-hünärmenleriň 90-a golaýy zähmet çekýär. Bu ýerde diametri 16 millimetrden 315 millimetre çenli ölçegli turbalaryň 23 görnüşi öndürilýär. Olar gurluşyklarda, lagym, suw geçiriji ulgamlarda giňden ulanylýar.
