Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
Mejlisde, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. B.Gündogdyýew ýurduň Ýaragly Güýçleriniň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen ýylyň başyndan bäri alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen bir hatarda, nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan boşatmak, ýaş esgerleri hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli harby doktrinasyna laýyklykda, döwletiň goranmak ukybyny has-da berkitmek, ýurduň Ýaragly Güýçlerini maksatnamalaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.
