Belarussiýa 2029-2030-njy ýyllara çenli raýat uçaryny döretmegi maksat edinýär diýip, Respublikanyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy Dmitriý Krutoý «Belarus 1» döwlet teleýaýlymynda habar berdi.
Krutoý bu ugurda ýurduň Russiýanyň degişli uçar kompaniýalary bilen oňat hyzmatdaşlygynyň bardygyny, milli howa gämileriniň gurluşygynyň ýurtda tarp ýerden diýen ýaly ýola goýulýandygyna garamazdan, bu ugurdaky tagallalaryň netijelidigini nygtady.
Ýolbaşçy howa gämileriniň önümçiligini ýola goýmakdaky işleriň dowam edýändigini hem-de agzalan möhletde doly bahaly raýat uçaryny döretmegiň maksatnamanyň özenini düzýändigini sözüniň üstüne goşdy.
